
Türkmen şygryýetiniň giň we gözel dünýäsine aralaşyp, oňa jany-teni bilen wepaly hyzmat edip gelýän zehinli şahyrlaryň biri hem Bazar Şalyýewdir. Ol özüniň jemgyýetçilik we döredijilik durmuşyndaky asylly zähmeti bilen «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen sarpaly adyň, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» hem-de «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly döwlet medallarynyň eýesidir. Şeýle hem halypa döredijilik adamy Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly abraýly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy başardy.
Zähmet bilen zehini, yhlas bilen edebiýata bolan söýgini durmuşynda utgaşdyryp bilýän halypa şahyr 1951-nji ýylyň 18-nji maýynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Mekan obasynda dünýä inýär. Öz obasyndaky 5-nji orta mekdebi şowly tamamlap, ol 1969–1974-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetinde ýokary bilim alýar.
Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soň, ýaş döredijilik adamy ilki «Ahal durmuşy», soňra bolsa welaýatyň «Türkmen gündogary» gazetleriniň redaksiýalarynda zähmet çekip, žurnalistika we edebiýat meýdançasynda amaly tejribesini artdyrýar. Edil şol ýyllarda hem Bazar Şalyýew döredijilik ýoluna ymykly gadam basýar we okyjylar tarapyndan gyzyklanma bilen garşylanan ilkinji goşgular toplumyny döredýär.
Şahyryň durmuş taryhynda we döredijiliginde onuň öz dogduk obasyna — bilim alan mekdebine mugallym bolup dolanyp gelmegi aýratyn yz galdyrýar. Bu mukaddes bilim ojagynda uzak ýyllaryň dowamynda mugallym bolup zähmet çekmegi Bazar Şalyýewiň oba durmuşyny we aýratyn-da, çagalaryň arassa inçe dünýäsini has ýakyn we içgin özleşdirmegine giň ýol açýar. Bu tejribe bolsa şahyryň goşgularynda halkyň durmuşynyň mähirli, durmuşy we şahyrana wasp edilmeginde esasy ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.
«2026-njy ýylda ömür we döredijilik ýolunyň şanly 75 ýyllyk sepgidine gadam basýan Bazar Şalyýew şu günki günde hem asylly halypaçylyk mekdebini dowam etdirýär. Ol özüniň manyly durmuş tejribesi we döwrebap şygyrlary bilen diňe bir Lebap welaýatynyň däl, eýsem tutuş ýurdumyzyň ýaş döredijilik adamlaryna uly görelde görkezýär. Watana bolan çuňňur söýgi, Magtymguly Pyragynyň şahyrana mekdebine wepalylyk we ynsan kalbynyň inçe duýgularyny wasp etmek halypanyň döredijilik formulasynyň özenidir. «Amul Info» halkara habarlar we analitika merkeziniň redaksiýanyň agzalary hem-de döredijilik topary sungat we bilim äleminde öçmejek yz galdyran halypa şahyra berk jan saglyk, uzak ömür we täze döredijilik üstünliklerini arzuw edýär!»
Keywords