
Klimat baradaky gözlegçilik işlerini alyp barýan alymlaryň çaklamalaryna görä, şu asyryň ikinji ýarymynda Sahara çölünde ýagýan ýagyşlaryň mukdary 75% artar. Emma bu ýagdaý ne Afrika, ne-de global derejede oňyn netijeleri wada berýär.
Sahara çölünde bir ýylyň dowamynda adatça bäş gezekden köp ýagyş ýagmaýar, käbir sebitlerde bolsa ýyllar boýy gurakçylyk höküm sürýär. Bu sebitde seýrek bolup geçýän ýagyşlar köplenç gysga wagtly we güýçli siller görnüşinde ýüze çykýar. Elbetde, bu suw ýerli bugarmalardan däl-de, eýsem çygly çäklerden şemal arkaly getirilýär. Şemallar çöle tarap yzygiderli öwüsse-de, olar hemişe diýen ýaly ýeňip bolmajak päsgelçilige duş gelýärler: Saharanyň üstünde howanyň aşak düşýän akymlary hökmürowanlyk edýär, olar bolsa gyzyp, ýagyş bulutlarynyň emele gelmegine ýol bermeýärler.
Emma howanyň maýlamagy bilen ýerüsti temperaturalaryň ýokarlanmagy howanyň aşak düşmek prosesini gowşadýar we çölüň üstündäki taryhy taýdan emele gelen "gapak" öz täsirini ýitirip başlaýar. Şol bir wagtda materikler bilen okeanyň arasyndaky temperatura tapawudy artýar: gury ýer suwa garanyňda has güýçli gyzyýar. Bu bolsa şemallaryň hökman güýçlenjekdigini aňladýar.
Keywords