«Apple» kompaniýasy 9-njy sentýabrda geçiriljek ýörite tanyşdyrylyş dabarasynda täze enjamlaryny köpçülige hödürlemäge taýýarlanýar. Garaşylýan önümleriň arasynda täze «iPhone 18 Pro» we «iPhone 18 Pro Max» modelleri, kompaniýanyň ilkinji bukulýan smartfony, şeýle hem «Apple Watch» we «AirPods» enjamlarynyň täze nesilleri bar.

«Bloomberg» neşiriniň synçysy Mark Gurmanyň maglumatlaryna görä, «Apple» üçin bu çäre kompaniýanyň täze baş direktory Jon Ternusyň ýolbaşçylygyndaky ilkinji iri önüm tanyşdyrylyşy bolar. Çäräniň dowamynda «Apple Watch Series 12» we «Ultra 4», «AirPods 5», täze «Apple TV» hem-de «HomePod mini» ýaly önümleriň hem görkezilmegine garaşylýar.

Täze «iPhone 18 Pro» we «Pro Max» modelleriniň has kämilleşdirilen tehniki aýratynlyklar bilen çykarylmagyna garaşylýar. Maglumatlara görä, smartfonlar täze «A20 Pro» çipi, kompaniýanyň öz «C2» modemi we döwrebaplaşdyrylan kamera ulgamy bilen üpjün ediler.

«Apple Watch» täze nesillerinde saglyk ýagdaýyna we sport işjeňligine gözegçilik etmek boýunça goşmaça mümkinçilikleriň peýda bolmagyna garaşylýar. Şeýle hem «Series 12» modeli üçin keramiki korpus görnüşiniň we täze reňk çözgütleriniň hödürlenjekdigi habar berilýär.

Kompaniýanyň önümçilik meýilnamalary diňe täze iPhone modelleri bilen çäklenmeýär. 2026-njy ýylyň ahyrynda we 2027-nji ýylyň başynda OLED ekranly täze «iPad mini», «iMac» hem-de «M6» çipli 14 dýuýmlyk «MacBook Pro» modelleriniň tanyşdyrylmagyna garaşylýar. Şol döwürde «Apple» üçin ilkinji sensor ekranly «MacBook» hem esasy täzelikleriň biri bolup biler.

Şeýle hem kompaniýanyň emeli aň mümkinçilikleri bilen enjamlaşdyrylan «Siri» ses kömekçisine eýe boljak, 7 dýuýmlyk ekranly akylly öý merkezi enjamyny taýýarlamagynyň mümkindigi aýdylýar.

«Apple» 2027-nji ýyl üçin hem birnäçe täze önümi meýilleşdirýär. Olaryň arasynda içki kameralara eýe boljak «AirPods», ekransyz akylly äýnekler, iPhone-yň 20 ýyllygyna bagyşlanan ýörite täzeleniş, bukulýan iPhone-yň ikinji nesli, şeýle hem täzelenen «MacBook», «iPad» we «Apple Watch» modelleri bar.

Uzak möhletli meýilnamalarda bolsa ekranly öý roboty, emeli aň bilen işleýän ýörite enjam we bukulýan «iPad» ýaly täze önümleriň üstünde işlemek mümkinçiligi hem agzalýar.

9-njy sentýabrdaky tanyşdyrylyş çäresi «Surprise and shine» («Geň galdyr we şöhle saç») ady bilen geçiriljek çäre hökmünde görkezilýär. Tanyşdyrylyşyň ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Kuper­tino şäherindäki «Apple Park» toplumynda Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da başlamagyna garaşylýar.

Çäräniň göni ýaýlymyny «Apple» kompaniýasynyň resmi internet sahypasyndan, «Apple TV» goşundysyndan hem-de «YouTube» platformasyndan synlamak mümkin bolar.