«Turkmenportal» neşiriniň redaksiýasy sanly media platformasy üçin üç ugur boýunça — grafiki dizaýner, wideomontažçy we kontent-menejer wezipelerine işgärleri işe kabul edýändigini yglan etdi. Iş Aşgabat şäherindäki ofisde alnyp barylar, uzak aralykdan işlemek mümkinçiligi göz öňünde tutulmaýar.

Üç wezipe üçin hem iş tertibi birmeňzeş: duşenbe–anna günleri sagat 09:00-dan 18:00-a çenli, şenbe güni bolsa sagat 09:00-dan 13:00-a çenli. Işgärler üçin günortanlyk nahary hem göz öňünde tutulýar. Zähmet hakynyň möçberi dalaşgäriň hünär derejesine we iş tejribesine görä, söhbetdeşligiň netijesinde kesgitlener.

Grafiki dizaýner

Dalaşgärden degişli wezipede iş tejribesiniň, ýerine ýetiren işleriniň nusgalaryny öz içine alýan portfeliň bolmagy, Adobe Photoshop we Adobe Illustrator programmalaryny gowy bilmegi talap edilýär. Şeýle hem reňk nazaryýeti, kompozisiýa, tipografiýa ýaly dizaýn esaslaryna düşünmek we UI/UX dizaýnynyň ýörelgelerinden habarly bolmak zerurdyr.

Hünärmeniň esasy wezipelerine sanly media serweri üçin aýdym-saz albomlarynyň, singlleriň we filmleriň daşky bezeglerini taýýarlamak, tanyşdyryş materiallaryny döretmek, web sahypasy üçin suratlary işlemek we täzeden timarlamak, şeýle hem kompaniýanyň brend stiline laýyk GIF-bannerleri we beýleki mahabat şekillerini taýýarlamak girýär.

Wideomontažçy

Bu wezipä dalaşgärlerden wideomontaž boýunça iş tejribesi, portfel, Adobe Premiere Pro, DaVinci Resolve ýa-da şuňa meňzeş programmalary erkin ulanmak başarnygy talap edilýär. Mundan başga-da, montažyň, kompozisiýanyň, reňk sazlamasynyň we ses bilen işlemegiň esaslaryny bilmek, işleri bellenen möhletde ýerine ýetirmek zerurdyr.

Wideomontažçynyň esasy işi sanly media platformasy üçin wideolary montaž etmek we işlemek, treýlerleri, tizerleri we mahabat materiallaryny taýýarlamak, reňk sazlamasyny we ses işlenişini ýerine ýetirmek, wideolary çap etmäge taýýarlamak hem-de olary platformanyň dürli formatlaryna we tehniki talaplaryna laýyklaşdyrmak bolar.

Kontent-menejer

Filmleriň we aýdym-sazyň ýerleşdirilýän sanly platformasy bilen işlemek üçin mazmun, web sahypalary ýa-da sanly platformalar boýunça tejribesiniň bolmagy makul görülýär. Dalaşgär kompýuteri we ofis programmalaryny gowy bilmeli, sowatly ýazmagy başarmaly, jikme-jikliklere ünsli bolmaly we köp möçberli maglumat bilen işlemäge taýýar bolmaly.

Kontent-menejeriň wezipelerine filmleri, seriallary, albomlary we aýdym-saz eserlerini platformada ýerleşdirmek, mazmun baradaky maglumatlary — atlaryny, beýanyny, žanrlaryny, ýerine ýetirijileri we aktýorlary — doldurmak, daşky bezeg suratlaryny we afişalary saýlap ýüklemek, çap edilen maglumatlaryň dogrulygyny barlamak, ulanyjylaryň teswirlerine gözegçilik etmek hem-de ýerleşdirilen maglumatlaryň täzeligini üpjün etmek girýär.

Resminamalary ibermegiň tertibi

Dalaşgärler öz rezýumelerini r569837@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermeli. Grafiki dizaýner we wideomontažçy wezipelerine dalaş edýänler hatlaryna ýerine ýetiren işleriniň nusgalaryny öz içine alýan portfellerini hem goşmalydyrlar. Hatda iş tejribesi we hünär başarnyklary barada gysgaça maglumat bermek zerurdyr.