Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Beýik Ýeňşiniň 104 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar berildi.

Dabara Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň kabulhanasynda geçirildi. Oňa Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň resmi bölümi Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet senalarynyň ýaňlanmagy bilen başlandy.

Myhmanlara ýüzlenip, Türkiýäniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebedji baýramçylyk gutlagyny beýan etdi. Diplomat dabara gatnaşyjylara hoşallygyny bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň bu şanly sene mynasybetli resmi ýüzlenmesini okady.

Türkmenistanyň tarapyna wekilçilik edip, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Aşgabat bilen Ankaranyň arasyndaky syýasy, ykdysady we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň strategik hem-de köpugurly häsiýete eýedigini belledi.

Ahmet Gurbanowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasyny özara hormata, ynanyşmaga, umumy bähbitlere we halklaryň ýakynlygyna esaslanýan dostlukly gatnaşyklar birleşdirýär. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň özara saparlary we yzygiderli duşuşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk syýasy binýady döredýär.

Dabaraly çäre dostlukly we mähirli ýagdaýda geçip, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara ynanyşmagyň we düşünişmegiň ýokary derejesini ýene-de bir gezek görkezdi.