
Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde paýtagtymyz Aşgabadyň döwrebap «Gara gum» otelynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky ýokary derejeli mejlisi geçirildi.
Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde Arkalaşygyň halkara ynsanperwer taslamasy bolan «GDA-nyň ýaşlar paýtagtyny» saýlamak baradaky meselä aýratyn seredildi we degişli Çözgüt kabul edildi. Döwletara geňeşmeleriň netijesinde ýaşlar başlangyçlarynyň öňdebaryjy merkezleri boljak täze şäherler kesgitlendi.
Kabul edilen resminama laýyklykda:
Arkalaşyga agza ýurtlaryň şäherleriniň biriniň bir ýylyň dowamynda ýaşlar syýasatynyň we döwletara hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrülmegini göz öňünde tutýan bu halkara ynsanperwer taslamasyna ilkinji gezek 2024-nji ýylda badalga berlipdi. Şeýlelikde, Daşkent (Özbegistan), Gabala (Azerbaýjan) we Gapan (Ermenistan) şäherlerinden soňra, bu dabaraly estafetany Minsk we Garaganda şäherleri dowam etdirer.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň başlyklyk etmeginde geçirilen sammite Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenko, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birinji orunbasary Adylbek Kasymaliýew hem-de GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.
Keywords