Tebigatda özünden birnäçe esse uly ýyrtyjylara garşy çykmakdan çekinmeýän jandarlar bar. Şolaryň biri hem bal torsugydyr. Ylmy taýdan Mellivora capensis diýlip atlandyrylýan bu süýdemdiriji öz çydamlylygy, gaýduwsyzlygy we goranyş aýratynlyklary bilen haýwanat dünýäsinde aýratyn orun eýeleýär.

Bal torsugy esasan Afrikada, Günorta-Günbatar Aziýada we Hindistan ýarymadasynda duş gelýär. Ol Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýäniň iň gorkmaz jandarlarynyň biri hökmünde girizilipdir.

Daşky görnüşi boýunça bal torsugy adaty torsuga meňzeýär. Ol torsuklar maşgalasynyň iň kiçi görnüşleriniň biridir. Göwresiniň uzynlygy 55–77 santimetre, guýrugynyň uzynlygy bolsa 12–30 santimetre ýetýär. Agyrlygy takmynan 9 kilograma çenli bolup bilýär. Bedeniniň ýokarky bölegi, adatça, gara reňkde, maňlaýyndan guýrugyna çenli uzalyp gidýän bölegi bolsa açyk reňkli bolýar.

Bal torsugynyň iň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň galyň derisidir. Güýçli dişleri we ýiti dyrnaklary bilen birlikde bu aýratynlyk oňa dürli howplardan goranmaga mümkinçilik berýär. Arylaryň çakmagy ýa-da käbir ýyrtyjylaryň dişlemegi onuň üçin beýleki haýwanlardaky ýaly agyr täsir etmezligi mümkin. Hatda käbir ýylanlaryň zäherine garşy hem ýokary çydamlylygy bilen tapawutlanýar.

Bu jandaryň göwresiniň uzyn, aýaklarynyň bolsa gysga bolmagy onuň çeýe hereket etmegine ýardam berýär. Ýyrtyjy tarapyndan tutulanda, bal torsugy bedeniniň derisini gowşadyp, dürli tarapa öwrülmek arkaly tutalgadan sypmaga synanyşýar.

Bal torsuklary öz çäklerini bellemekde hem özboluşly usuldan peýdalanýarlar. Olar howp abananda ýa-da öz ýaşaýan ýerlerini goramak üçin ýakymsyz ysly suwuklyk bölüp çykaryp bilýärler.

Bu jandarlar ýer gazmakda hem örän ussatdyr. Uzyn we güýçli dyrnaklarynyň kömegi bilen ýeriň aşagynda hinler gazyp, şol ýerlerde ýaşaýarlar. Olar diňe bir ýumşak toprakda däl, eýsem, has gaty ýerlerde hem gazuw işlerini alyp barmaga ukyplydyr.

Bal torsugynyň gaýduwsyzlygy onuň özünden has iri jandarlar bilen ýüzbe-ýüz bolanda hem yza çekilmezliginde ýüze çykýar. Ýylan, syrtlan, ýolbars ýa-da başga bir howply haýwan bilen gabatlaşanda, ol köplenç gaçmakdan ýa-da gizlenmekden has köp özüni goramaga synanyşýar.

Şeýle aýratynlyklary sebäpli bal torsugy haýwanat dünýäsinde çydamlylygy we batyrlygy bilen tapawutlanýan jandarlaryň biri hökmünde tanalýar.