Güýz paslynyň gelmegi bilen balyk saçaklarda has ýygy orun alýan iýmitleriň birine öwrülýär. Beýleki et önümlerinden tapawutlylykda, balyk ýeňil we çalt siňýän iýmit hökmünde häsiýetlendirilýär. Onuň düzüminde A, B12, D, E we K witaminleri, Omega-3 ýag kislotalary, belok, şeýle hem selen, ýod, kalsiý we fosfor ýaly möhüm ýokumlar bar. Hünärmenler sagdyn iýmitlenmegiň çäginde hepdede azyndan iki gezek balyk iýmegiň peýdalydygyny belleýärler.

Balyk adamzat taryhynda gadymy döwürlerden bäri iýmit hökmünde peýdalanylýan önümleriň biridir. Ol diňe bir ýokumlylygy bilen däl, eýsem bedeniň dürli ulgamlary üçin zerur maddalary özünde jemleýändigi bilen hem ähmiýetlidir. Balygy yzygiderli iýmek beýniniň işleýşine, ýürek-damar ulgamynyň kadaly ýagdaýda bolmagyna, süňkleriň berkligine we deriniň sagdynlygyna oňyn täsir edip biler.

Balygyň düzümindäki A witamini immun ulgamynyň kadaly işlemegine, görüş ukybynyň saklanmagyna, deri we öýjükleriň sagdynlygyna ýardam berýär.

B toparynyň witaminleri bedeniň energiýa üpjünçiliginde, nerw ulgamynyň işjeňliginde we gyzyl gan öýjükleriniň emele gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir.

D witamini bolsa kalsiniň bedende özleşdirilmegine ýardam edip, süňkleriň we dişleriň berkligini goldaýar.

Balykdaky E witamini antioksidant häsiýeti bilen tapawutlanýar. Ol öýjükleri oksidleýji täsirlerden goramaga ýardam edýän maddalaryň biridir.

K witamini gan lagtalanmasynyň kadaly geçmeginde we süňkleriň sagdynlygyny saklamakda möhüm rol oýnaýar.

Şeýle hem balygyň düzümindäki Omega-3 ýag kislotalary onuň iýmitlenişdäki gymmatyny artdyrýar. Şonuň üçin balyk dürli ýaşdaky adamlaryň gündelik iýmitlenişinde peýdaly we ýokumly önümleriň biri hökmünde kabul edilýär.