
Ýola goýlan hemişelik kada görä, jemleýji duşuşyk tamamlanandan soň, ýaryşyň baş baýragy ýörite gurnalan sütüniň üstünde goýulýar. Ýeňiş gazanan toparyň kapitany Dünýä kubogyny şol ýerden özi almaly we bilelikde baýram etmek üçin ony ýoldaşlarynyň ýanyna münberiň üstüne äkitmeli. Emma bu gezek guramaçylar däbi üýtgederler. ABŞ-nyň prezidenti Dünýä kubogyny ilkinji bolup eline almaga we ony ýeňiji toparyň kapitanyna hut öz eli bilen gowşurmaga hukuk alar. Mundan başga-da, Tramp kubok ýokary galdyrylýan wagtynda meýdançada futbolçylar bilen bilelikde göni münberiň üstüne-de münüp biler. Žurnalist Ben Jeýkobs bu başlangyjyň eýesiniň amerikan lideriniň özüdigini belleýär. FIFA-nyň ýolbaşçylary-da oňa garşy bolmady we üýtgeşmeleri öňünden tassyklady. Şunlukda olar baýramçylyk wagtynda münberiň üstüne münmelimi ýa-da beýleki resmi adamlar bilen bilelikde durmalymy, muny saýlamagy Trampyň özüne goýdy. «ABŞ-nyň Prezidentine FIFA-nyň ýeňiji bolan topara baýragy hut onuň özüniň gowşurmagyny isleýändigi eýýäm habar berildi» diýlip reportažda aýdylýar.
Tramp öňem 2025-nji ýylyň iýulynda klublar arasyndaky dünýä çempionatynda hem protokoldan çykypdy, şol ýaryşy-da ABŞ kabul edipdi. Şonda ol kubogy Londonyň «Çelsi» toparyna gowşurdy we FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň ony gapdala çykarmak üçin eden synanyşyklaryna garamazdan, münberiň üstünde oýunçylar bilen bilelikde ýeňşi baýram etmäge galdy. Mundan hem başga, talkSPORT-yň habar berşi ýaly, şol ýaryşyň hakyky kubogy ahyrynda Owal kabinete (Prezidentiň iş otagyna) äkidildi, kluba bolsa onuň ýasama nusgasy galdy. talkSPORT Trampyň ýene-de şol ssenariýany, ýöne bu gezek dünýäniň esasy futbol ýaryşynda gaýtalamak niýetine münendigini çaklaýar.
Dünýä birinjiliginiň jemleýji duşuşygy 19-njy iýulda Nýu-Ýorkda «Metlaýf» stadionynda geçiriler.
Keywords