
MMA garyşyk başa-baş söweş sungaty boýunça türkmen sportunyň buýsanjy Döwletjan Ýagşymyradow täze bir taryhy pursada barýar. Ildeşimiz 31-nji iýulda ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň Long-Aýlend sebitinde ýerleşýän «UBS Arena» sport toplumynda geçiriljek iri halkara ýaryşy bolan «PFL NY» çäginde oktagona çykar.
«PFL» guramasynyň ýarym agyr agram derejesindäki dünýä reýtinginde eýýäm ikinji orna çykan Döwletjan Ýagşymyradowyň bu gezekki garşydaşy dünýä reýtinginiň bäşinji basgançagynda ýerleşýän iňlis söweşijisi Simeon Paueldir. Bu tutluşyk diňe bir ýeňiş däl, eýsem, dünýä çempiony tituly ugrundaky göreşde reýtingiň ýokarsyna çykmak üçin hem örän ähmiýetlidir.
Ýatladyp geçsek, türkmen türgeni soňky gezek 16-njy aprelde awstraliýaly Taýson Pedro bilen tutluşypdy. Şonda eminleriň biragyzdan çykaran çözgüdi bilen Döwletjan nobatdaky ýeňşini gazanmagy başarypdy. Häzirki wagtda onuň professional rekordy 26 ýeňiş, 8 ýeňliş we 1 deňlikden ybarat bolup, bu görkeziji onuň MMA sportundaky iň tejribeli we durnukly türgenleriň biridigini görkezýär.
Döwletjanyň sport ýoly diňe sanlar bilen däl, eýsem, taryhy ýeňişler bilen hem bezeýär. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda amerikaly Impa Kasanganaýy tutluşygyň başynda, ýagny birinji raundyň 58-nji sekundynda ajaýyp nokaut bilen ýeňmegi, onuň PFL-iň çempionlyk guşagyny eýelemegine mümkinçilik beripdi. Şu günki günde bolsa ol şol çempionlyk ruhuny we tejribesini täze garşydaşyna garşy meýdançada görkezmäge taýýar.
Bütin Türkmenistan täze ýeňişlere sabyrsyzlyk bilen garaşýar. Döwletjana geljekki tutluşygynda üstünlik arzuw edýäris!
Keywords