"Trionda" ady ispan dilinden terjime edilende "üç tolkun" diýmekligi aňladýar. Bu at taryhda ilkinji gezek dünýä birinjiliginiň bir wagtyň özünde üç ýurtda — ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýändiginiň baş nyşanydyr. "Adidas" tarapyndan 1970-nji ýyldan bäri öndürilip gelinýän meşhur seriýanyň 15-nji resmi topy bolan bu önüm, özüniň gurluşy boýunça rekord goýdy:

  • Dört panelli gurluş: Top taryhda iň az, ýagny diňe 4 sany panelden ybarat edilip ýasaldy. Panelleriň geometriýasy tolkunlary emele getirýär.
  • Aerodinamika we durnuklylyk: Çuňňur tikinler we ýörite relýef teksturasy, hatda iň güýçli ýagyşly howada hem topuň uçuş traýektoriýasynyň durnuklylygyny we oýunçynyň aýagyna gowy sarsmazlygyny üpjün edýär.
  • Milli nyşanlar: Topuň merkezindäki üçburçluk guramaçy döwletleriň bileleşigini aňladyp, onuň dizaýny Kanadanyň klen ýapragy, Meksikanyň garkawy (orly) we ABŞ-nyň ýyldyzy bilen bezelendir. Altyn reňkli öwüşginler bolsa Dünýä kubogynyň şöhratyny simwolizirleýär.

Connected Ball tehnologiýasy: Akylly top zarýada mätäç

Dizaýndan daşary, "Trionda" topunyň iň esasy aýratynlygy onuň içinde ýerleşdirilen ýokary tehnologik ulgamdyr. Katarda geçirilen dünýä çempionatynda ilkinji gezek synalan Connected Ball tehnologiýasy bu topda has-da kämilleşdirildi. Topuň merkezindäki ýörite akylly datçik meýdançadaky her bir urgy we galtaşmany sekuntda ýüzlerçe gezek hasaba alýar.

Möhüm tehniki fakt: Bu sanly tehnologiýa emeli intellekt bilen utgaşykly işläp, jedelli pursatlarda ofsaýdlary we topuň meýdançanyň çyzgytlaryndan geçendigini sekuntlaryň içinde takyk anyklamaga mümkinçilik berýär.

Emma hünärmenler bu kämil ulgamyň möhüm tarapyny ýatladýarlar: topuň içindäki datçikler diňe elektrik energiýasy arkaly işleýär. Şol sebäpli oýunlaryň takyk we adalatly geçmegi üçin, toplar her oýundan öň smartfonlar ýaly 100% zarýadlandyrylmalydyr. Zarýady gutaran ýa-da peselen top takyk maglumat berip bilmeýändigi üçin oýunda ulanylyp bilinmeýär.

Turniriň senesi

Dünýä futbolynyň iň garaşylýan dabarasy bolan FIFA Dünýä çempionaty 2026, 11-nji iýundan 19-njy iýula çenlidowam eder. Jemi 48 sany iň güýçli ýygyndy toparyň gatnaşmagyndaky taryhy oýunlar Demirgazyk Amerikanyň iň döwrebap stadionlarynda "Trionda" topy bilen oýnalar.