
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň (GDA PAA) Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 2026-njy ýylyň 19-20-nji noýabrynda Türkmenistanda geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA PAA-nyň Geňeşiniň mejlisinde çykyş etmek bilen yglan etdi.
Mejlisiň ýolbaşçysynyň bellemegine görä, häzirki wagtda ýurdumyzda GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň sekretariaty bilen bilelikde bu halkara çäräni ýokary derejede guramaçylykly guramak boýunça degişli taýýarlyk we guramaçylyk işleri işjeň alnyp barylýar. Türkmen tarapynyň bu möhüm forumyň üstünlikli geçmegi üçin ähli şertleri döretmäge we hemmetaraplaýyn ýardam bermäge doly taýýardygy nygtaldy.
D.Gulmanowa öz çykyşynda häzirki wagtda dünýäde emele gelen halkara dartgynlylyk şertlerinde, GDA-nyň özara hormat goýmak we durnukly deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ygtybarly gepleşikler meýdançasy bolup galýandygyny aýratyn belledi. Ol Arkalaşyga agza döwletleriň arasynda syýasy, ykdysady, söwda we ynsanperwer ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklaryň alnyp barylýandygyny tassyklady.
«GDA giň geografik giňişligi birleşdirip, ýurtlarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary durnukly ösdürmek üçin netijeli platforma bolup hyzmat edýär» diýip, Türkmenistanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy belledi.
Şeýle hem Mejlisiniň Başlygy 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýändigini ýene bir gezek ýatlatdy. Ýurdumyzyň başlyklyk etmeginiň esasy maksady — özara ynam, deňhukuklylyk we parahatçylykly gepleşikler esasynda köptaraplaýyn hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da kämilleşdirmekden, şeýle hem sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde Arkalaşygyň halkara derejesindäki ornuny hem-de abraýyny has-da berkitmekden ybaratdyr.
Keywords