
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Türkmenabat şäher şahamçasy kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara karzlary berýändigini mälim edýär. Bu karzyň maksady telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak, täze iş ýerlerini döretmek bilen bagly haryt bazaryny ýerli önümlerden doldurmak, bäsdeşligi ösdürmek, maýagoýum işjeňligini ýokarlandyrmak hem-de telekeçilik birlikleriniň işiniň ýurt üçin ileri tutulýan ugurlaryny çekmek bilen baglanyşykly maýagoýum taslamalaryny durmuşa geçirmekdir. Telekeçileri karzlaşdyrmak bankyň maržasyny hasaba almak bilen, ýyllyk 5 göterimden şu aşakdaky möhletler bilen amala aşyrylýar:
— maýagoýum taslamalary üçin 10 ýyla çenli;
— dolanyşyk serişdelerini almak üçin 1 ýyla çenli.
Karzlaşdyrmaga şu aşakdaky maksatlary göz öňünde tutýan maýagoýum taslamalary degişlidir:
— senagat önümleriniň önümçiligini ösdürmek;
— bar bolan önümçilikleri gurnamak, giňeltmek, durkuny täzelemek we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, şol sanda kiçi önümçilik üçin enjamlary, kiçi göwrümli tehnikalary, çig mallary, ýarym çig mallary, furnituralary satyn almak;
— infrastruktura obýektleriniň gurluşygyny goşmak bilen gurluşygy ösdürmek;
— gurluşyk materiallar senagatyny ösdürmek;
— transporty, aragatnaşygy we maglumatlar tehnologiýasyny ösdürmek;
— serwis hyzmatlaryny we ilata durmuş taýdan hyzmat etmegi ösdürmek;
— saglygy goraýyş we syýahatçylyk hyzmatlaryny ösdürmek;
— oba hojalyk önümçiliginde peýdalanmak üçin täze ýerleri özleşdirmek we taşlanan ýerleri dikeltmek;
— öz oba hojalyk önümçiligini ösdürmek we giňeltmek, gaýtadan işläp taýýarlanylýan önümiň göwrümini artdyrmak, şol sanda oba hojalyk tehnikasyny edinmek, mal ýataklary, fermalary, kiçi önümçiligi gurmak, mallary, öý guşlaryny, ot-iýmleri, weterinariýa derman serişdelerini, ösümlikleri goramagyň himiki serişdelerini, mineral dökünleri, tohumlary, şitilleri, agaç nahallaryny satyn almak;
— halk çeperçilik senetleriniň we amaly-haşam sungatynyň önümlerini öndürmek;
— Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik telekeçilik işiniň, şol sanda innowasiýa işiniň beýleki görnüşleri.
Karzlar ýokarda agzalan işjeňligi maliýeleşdirmek üçin telekeçileriň maliýe goýum taslamasyna 15 göterimden az bolmadyk hususy serişdelerini goýmak şerti bilen berilýär. Degişli maslahatlary we anyk maglumatlary dolulygyna Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Türkmenabat şäher şahamçasynyň hünärmenlerinden alyp bilersiňiz.
Biziň salgymyz: Türkmenabat şäheriniň 14-nji Aragatnaşyk bölümi. Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 8(422) 7-90-84, 7-90-85, 7-90-86.
Keywords