
Ýurdumyzyň çägine günorta-günbatardan salkyn we çygly howa akymynyň aralaşmagy bilen baglylykda, 2026-njy ýylyň 5–7-nji apreli aralygynda birnäçe sebitlerde howa ýagdaýynyň üýtgäp, güýçli ýelleriň we ygallaryň bolmagyna garaşylýar.
Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda, şeýle hem Aşgabat we Arkadag şäherlerinde demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän şemalyň tizliginiň sekuntda 9–14 metr aralygynda bolmagyna garaşylýar. Käbir ýerlerde bolsa ýeliň tizligi wagtal-wagtal sekuntda 20 metre çenli ýetip biler. Şeýle-de, bu döwürde tozanly şemal, çabgaly ýagyş we ýyldyrym çakmagy mümkin.
Mundan başga-da, ýurdumyzyň günortasynda ýerleşýän goňşy döwletleriň dag etek sebitlerinde hem ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Şol sebäpli 2026-njy ýylyň 5–8-nji apreli aralygynda derýalarda suw derejesiniň ýokarlanmagy mümkin.
Dag eteklerinde ýerleşýän sil suw akabalarynda bolsa ýagynlaryň täsiri bilen sil suwlarynyň emele gelmegi ähtimal. Şunuň bilen baglylykda, degişli sebitlerde ýaşaýan raýatlara we degişli gulluklara seresaply bolmak, howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek maslahat berilýär.
Keywords