Täze aýratynlyklar:
-
Täze HMAF (Harmony Agent Framework) ulgamynyň kömegi bilen emeli aň agentleri ulgama gönüden-göni ornaşdyrylýar
-
Ulanyjylar programmalary el bilen açman, tebigy diller arkaly agentlere tabşyryk berip bilýärler
-
Ses we tekst arkaly soraglara jogap bermek mümkinçiligi (meselem: podkastlary saýlap bermek)
-
20 trillion token bilen türgenleşdirilen emeli aň modeli
-
Şahsy we iş maksatlary üçin niýetlenen 50-den gowrak agent
-
Üçünji tarap öndürijiler üçin giňeldilen goldaw we integrasiýa mümkinçilikleri
Xiaoya – täze sesli kömekçi
Huawei çykyşda täze sesli kömekçini — Xiaoya-ny görkezdi. Ol ulanyjy bilen dialog görnüşinde işlär: soraglary düşüner, anyklaşdyrar we programmalary işledip biler. Bu kömekçi diňe bir sesli jogap bermek bilen çäklenmän, doly interaktiw ulgama öwrülýär.
Huawei-nyň bellemegine görä, Xiaoya bilen HarmonyOS 6-nyň integrasiýasy, bäsdeş kompaniýalaryň çözgütlerinden has çuňňur we giň gerimli bolar.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.