Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Uniwersitetiniň alymlary ekologiýa taýdan has arassa wodorod öndürmäge mümkinçilik berýän täze usuly işläp düzdüler. Täze tehnologiýada çöl çägesi, hurmanyň çigitlerinden alynýan biokömür we nikel ulanylýar.

Gözlegçileriň maksady elýeterli tebigy serişdeleri hem-de oba hojalygynyň galyndylaryny arassa energiýa çeşmesini öndürmekde peýdalanmakdan ybarat boldy. Alymlar iň amatly düzümi kesgitlemek üçin dürli gatnaşykdaky 30 görnüşli garyndyny synagdan geçirdiler.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde çägäniň we biokömrüň hersiniň 42,5 göteriminden, nikeliň bolsa 15 göteriminden ybarat bolan garyndynyň has netijeli işleýändigi anyklandy. Hurmanyň çigitlerinden taýýarlanan biokömür materialyň öýjükliligini ýokarlandyryp, nikeliň onuň ýüzünde deň derejede ýaýramagyna şert döredýär. Bu bolsa garyndynyň himiki işjeňligini güýçlendirýär.

Laboratoriýa şertlerinde 500–600 dereje Selsiý aralygyndaky temperaturada geçirilen ilkinji synaglar täze materialyň wodorod almak maksady bilen metany bölüp bilýändigini görkezdi. Alymlaryň pikirine görä, tehnologiýanyň geljekde önümçilik çykdajylaryny azaltmaga we oba hojalygyndan döreýän galyndylary peýdaly önüme öwürmäge goşant goşmak mümkinçiligi bar.

Indiki tapgyrda gözleg topary döredilen materialyň uzak möhletleýin ulanyşdaky berkligini öwrenmegi we onuň uzak wagtlap üznüksiz işleýän şertlerindäki netijeliligini barlamagy meýilleşdirýär.

Täze çemeleşme çöl sebitlerinde giňden duş gelýän çäge serişdelerini we oba hojalyk galyndylaryny peýdalanmak arkaly wodorod ýaly geljegi uly energiýa çeşmesini öndürmegiň täze mümkinçiliklerini açýar.