Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby Güljemal Sadyýewa halkara intellektual bäsleşiginde ýokary netije görkezip, ýeňijileriň hataryna goşuldy.
MilliInfo saýtynyň habar bermegine görä, bäsleşik A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus dili institutynyň hem-de «Русский мир» gaznasynyň howandarlygynda 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 26-njy iýulyna çenli onlaýn görnüşde geçirildi. Oňa dünýäniň 28 ýurdundan 786 talyp gatnaşdy.
Saýlama tapgyrynyň netijesinde iň ýokary netije görkezen 20 gatnaşyjy kesgitlenip, olaryň arasynda Türkmenistanyň wekili Güljemal Sadyýewa hem boldy. Bu üstünlik talybyň taýýarlygynyň we onuň ylmy ýolbaşçysy, TDU-nyň rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Jennet Şamyýewanyň zähmetiniň netijesi hökmünde bellenilýär.
Bäsleşigiň ýeňijileri Russiýanyň paýtagtynda geçirilýän ýörite dil okuwyna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar. 23-nji awgustdan 5-nji sentýabr aralygynda Moskwada «Zehinli daşary ýurtly talyplar üçin “Puşkin bilen tomus”» atly («Pushkin Camp») dil tejribe maksatnamasy geçirilýär.
Okuw maksatnamasynyň çäklerinde gatnaşyjylar umumy sapaklara, tejribeli filologlaryň interaktiw okuw-seminarlaryna gatnaşýarlar. Şeýle-de olar üçin Russiýanyň medeniýeti we edebi mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän dürli medeni-aň-bilim çäreleri guralýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.