
«Manchester United» tomusky transfer möwsüminiň ilkinji uly transferini tamamlap, Braziliýanyň ýarymgoragçysy Edersony düzümine goşmaga ylalaşdy.
Angliýanyň Manchester United kluby Italiýanyň Atalanta toparynda çykyş edýän braziliýaly ýarymgoragçy Ederson bilen şertnama baglaşmak barada ylalaşyga geldi. Bu barada meşhur transfer bilermeni Fabrizio Romano habar berdi.
Maglumatlara görä, 26 ýaşly futbolçy bilen 2031-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenen bäş ýyllyk şertnama baglaşylar. Transferiň umumy bahasy 45 million ýewro golaý bolup, onuň 40,5 million ýewrosy esasy töleg, galan 4,5 million ýewrosy bolsa bonuslar görnüşinde töleniler.
Ederson 2022-nji ýylda «Salernitana» klubundan «Atalanta» geçipdi. Şondan bäri ol toparyň esasy oýunçylarynyň birine öwrülip, 180 duşuşykda 16 gol geçirdi we 6 netijeli pas berdi.
Bu transfer «Manchester Unitedyň» soňky bäş ýylda «Atalantadan» satyn alan üçünji futbolçysy bolar. Mundan ozal klub Amad Diallony we Rasmus Hýolundy hem Bergamo toparyndan düzümine goşupdy.
Keywords