Türkiýä wiza resminamalaryny kabul edýän resmi operator Mosaic Visa kompaniýasy, 4-nji maýdan başlap täze salgy boýunça hyzmat berip başlaýar. Indi raýatlar wiza üçin resminamalaryny Garry Kulyýew (2127) köçesiniň 88-nji jaýynda, “Nowruz Haly” binasynda ýerleşýän täze ofise tabşyryp bilerler.
Esasy maglumatlar:
- Täze salgy: Garry Kulyýew köçesi, 88-nji jaý, “Nowruz Haly” binasy.
- Wiza görnüşleri: Syýahatçylyk, iş, talyp, işewürlik, tranzit we beýleki görnüşler.
- Resminamalary tabşyrmagyň usullary:
- Şahsy görnüşde ofise gelip;
- Onlaýn portal arkaly.
Iş tertibi we habarlaşmak üçin:
Merkez hepdede bäş gün, bökdençsiz hyzmat berýär:
- Iş wagty: Duşenbe — Anna, sagat 09:00-dan 17:00-a çenli.
- Habarlaşmak üçin telefonlar:
- 75 41 02
- 75 41 03
- 75 41 04
- 75 41 05
- 75 41 06
Bu göçüş, Türkiýä gitmek isleýän raýatlara has amatly şertlerde we döwrebap ofisde hyzmat etmäge mümkinçilik berer.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.