«Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagynyň öňüsyrasynda foruma gatnaşmak üçin gelen wekiliýetler ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine baryp gördüler. Syýahatçylyk maksatnamasynyň çäklerinde gadymy Nusa, Türkmen halysynyň milli muzeýi hem-de Aşgabat şäheriniň gözel ýerleri bilen tanyşlyk guraldy.

Gadymy Nusa taryhy-medeni ýadygärliginde myhmanlara bu şäheriň taryhy, arheologik ähmiýeti we binagärlik aýratynlyklary barada maglumat berildi.

Türkmen halysynyň milli muzeýinde forumyň gatnaşyjylary türkmen halyçylyk sungatynyň baý mirasy, milli nagyşlaryň aýratynlyklary we halyçy zenanlaryň ussatlygy bilen tanyşdylar. Myhmanlar türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän amaly-haşam sungatyna aýratyn üns berdiler.

Aşgabadyň gözel ýerlerine guralan gezelenjiň dowamynda wekiliýetler Garaşsyzlyk binasyna baryp gördüler we paýtagtyň beýleki ajaýyp ýerleri bilen tanyşdylar.

Esasy forumyň öňüsyrasynda geçirilen bu medeni maksatnama daşary ýurtly myhmanlara Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti barada has giňişleýin düşünje almaga, şeýle hem resmi duşuşyklardan daşary ýagdaýda özara pikir alyşmaga mümkinçilik berdi.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026» atly halkara maslahat we sergi 2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabry aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler.