
Opta Analyst tarapyndan taýýarlanan soňky seljerme 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda ýeňiji boljak esasy dalaşgärleriniň sanawyny hödürledi. Emeli aňyň hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda Ispaniýanyň milli ýygyndysy çempionlyga iň ýakyn topar hasaplanýar.
Çaklamalara görä, ispanlaryň dünýä çempiony bolmak ähtimallygy 16,1 göterime deňdir. Ikinji orunda 13 göterim bilen Fransiýa, üçünji orunda bolsa 11,2 göterim bilen Angliýa ýerleşýär.
Soňky dünýä çempionatynyň ýeňijisi bolan Argentina sanawda dördünji orny eýeleýär. Günorta amerikalylaryň titulyny gorap saklamak mümkinçiligi 10,4 göterim hökmünde bahalandyryldy.
Opta-nyň sanawyndaky ilkinji onluk şeýle görnüşde düzülýär:
• Ispaniýa — 16,1%
• Fransiýa — 13%
• Angliýa — 11,2%
• Argentina — 10,4%
• Portugaliýa — 7%
• Braziliýa — 6,6%
• Germaniýa — 5,1%
• Niderlandlar — 3,6%
• Norwegiýa — 3,5%
• Belgiýa — 2,4%
Gyzykly tarapy, geçen ýylyň dekabr aýynda geçirilen öňki çaklama bilen deňeşdirilende ilkinji üçlük üýtgemedi. Şeýle-de bolsa, olaryň çempionlyk mümkinçilikleri birneme peseldi.
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýundan 19-njy iýula çenli ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler. Bu ýaryş taryhda ilkinji gezek 48 milli ýygyndynyň gatnaşmagynda guralar. Ozalky sekiz dünýä çempionatynda bolsa 32 topar çykyş edipdi.
Keywords