Ispaniýaly futbolçy Serhio Ramos Five Eleven Capital holdingi bilen bilelikde «Sewilýa» futbol klubuny satyn almak barada ylalaşyk gazandy.

Ispaniýanyň COPE radiostansiýasynyň berýän maglumatyna görä, taraplar klubuň paýnamalarynyň 80 göterimini 450 million ýewro satyn almak barada ylalaşdy.
40 ýaşly Ramos «Sewilýanyň» ýetişdiren futbolçysydyr. Ol esasy toparyň düzüminde 2004-2005-nji ýyllarda çykyş etdi, soňra bolsa 2023/24 möwsüminde kluba gaýdyp geldi.
Goragçy öz karýerasynyň uly bölegini Madridiň «Realynda» geçirdi we şol ýerde bäş gezek Ispaniýanyň çempiony hem-de dört gezek Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Futbolçy «Pari Sen-Žermen» klubunyň düzüminde hem iki gezek Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi bolmagy başardy.
Ramos Ispaniýanyň ýygyndysy bilen 2010-njy ýylyň dünýä çempiony we 2008-nji hem-de 2012-nji ýyllaryň Ýewropa çempionydyr.
Häzirki möwsümde «Sewilýa» 35 oýunda 40 utuk toplap, Ispaniýanyň çempionatynda 13-nji orny eýeleýär.
Keywords