
Türkmenistanyň ekin meýdanlarynda azyk bolçulygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýän şaly ekini, özboluşly toprak-howa şertlerine laýyklykda, esasan Lebap we Daşoguz welaýatlarynda durnukly ösdürilip ýetişdirilýär. Bu däne ekininiň bol hasylyny almak köp babatda onuň ekiliş, agrotehniki we suwaryş kadalarynyň dogry berjaj edilmegine baglydyr.
Hünärmenleriň we tejribeli gallaçylaryň bellemegine görä, şaly ekileninden soňra ilkinji we iň jogapkärli tapgyrlaryň biri çyglaýjy suwaryşyň düzgünini saklamakdan ybaratdyr. Tohum toprak bilen utgaşandan soň, hökmany ýagdaýda 2-3 gezek çyglaýjy suwaryşy amala aşyrmaly. Bu ýörite suwaryş kadasy her 3-4 günden yzygiderli gaýtalanmalydyr.
Agrotehnikanyň esasy talaplaryna laýyklykda, ekilen şaly tohumy ýeriň ýüzüne doly gögerip çykýança çenli atyzlardaky suw derejesini ýokarlandyrmak düýbünden bolmaýar. Sebäbi, ilkinji günlerde atyzda artykmaç suw toplanan ýagdaýynda, Günüň şöhleleri ony ýeterlik derejede gyzdyryp ýetişmeýär. Munuň özi bolsa tohumyň kadaly ösmegine bökdençlik döredip, şalynyň doly we deňölçegli gögermeginiň öňüni alýar. Şol sebäpli, durnukly hasyllylygyň düýbini tutmakda ilkinji günleriň suwaryş düzgünine takyk eýerilmegi uly ähmiýete eýedir.
Keywords