
Döwletli etrabynyň «Tallymerjen» maldarçylyk hojalygyň kärendeçileri şu günler dowarlardan owlak-guzy almak möwsumini üstünlikli jemlemek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Ýakynda biz owlak-guzy möwsüminde hojalygyň maldarlarynyň gazanýan üstünlikleri bilen içgin tanyşmak üçin Gyzylgum ýaýlasyna tarap ýola düşdük. Ýaşyl begrese bürenen beýikli-pesli baýyrlary synlap barşymyza ýolbeledimiz — hojalygyň maldarçylyk boýunça bölüm müdiri Jorabaý Çaryýew maldarlaryň çekýän asylly zähmetleri, olaryň her ýylky gazanýan üstünlikleri hakynda guwançly gürrüň berdi:
— Hojalygymyzda mallaryň 39702 baş sany bar. Olar tejribeli çopanlaryň 126-syna kärendesine berildi. Hoşgeldi Nepiýew, Perhat Jumanyýazow, Babageldi Eýeberdiýew, Agajan Hydyrow dagy ýylyň-ýylyna mallardan ýokary önüm alyp, kärdeşlerine nusga alarlyk görelde görkezýärler. Şu ýylky netijämiz hem gowy boldy. Welaýatymyzdaky maldarçylyk hojalyklarynyň arasynda ilkinjileriň biri bolup, dowarlardan owlak-guzy almak baradaky meýilnamamyza abraý bilen hötde geldik. Has anygy, 20 müň ene goýnuň her 100-sinden meýilnamada görkezilen 95 guza derek 100 guzy aldyk. Goýunlarymyz entek guzlamasyny dowam etdirýärler. Dogrusy, üstümizdäki ýylda maksadymyz has-da ýokary. Her 100 ene goýundan 110 guza garaşýarys. Ýazyň gelişi hem oňat. Ýagyş ýeterlik bolup, gök otlar gowy ördi. Kärendeçi çopanlarymyz mallaryň garaşygyny gowşatmaýarlar.
Jorabaý aganyň gyzykly gürrüňlerini diňläp gelişimize, etrap merkezinden 45 kilometr uzaklykda ky «Supaly» diýlip atlandyrylýan ýazlaga ýetenimizi hem duýman galdyk. Bu ýerde bizi ataly-ogul Hoşgeldi we Methun Nepiýewler güler ýüz bilen garşyladylar. Olar maşgala agzalary bolup, dowar sürüleriniň 2-sini bakýarlar. Bu ussat çopanlar hojalykda ilkinji bolup, goýunlardan owlak-guzy almak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý etdiler. Şu günki gün olaryň owlak-guzy möwsüminiň netijesinden hoşallygyny ýüz-gözlerinden hem aňmak bolýar.
Hoşgeldi aga ine-gana otlaşyp ýören dowarlara buýsançly bakyp durşuna: — Biz çopançylyk kesbimizi nesilme-nesil dowam etdirýäris. Ýedi hazynanyň biri bolan dowardarçylyga baş goşanyma 30 ýyl boldy. Gowy garaşyk edip, her ýyl mallardan ýokary önüm alýarys. Şu ýylky netijämiz hem oňat boldy. Häzirki güne çenli her 100 ene goýundan 108 guzy alyp, şertnamalaýyn borçnamamyzy artygy bilen berjaý etdik — diýip, buýsançly aýdýar.
Hawa, ýaşyl baýyrlara gelşik berip bökjekleşýän owlak-guzular barha köpelýär. Bu bolsa dowarlaryň baş sanynyň möwsümiň ahyryna çenli ýene-de artjakdygyny aňladýar.
Keywords