Türkiýe çilim sarp edilişi boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda ikinji orunda ýerleşdi. Geçen ýyl ýurtda takmynan 8 milliard guty çilim satyldy. Bu barada Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Kemal Memişoglunyň maglumatlaryna salgylanyp, «Kazinform» habar berdi.

Ministriň bellemegine görä, Türkiýede erkekleriň takmynan 46 göterimi çilim çekýär. Temmäki önümleriniň giňden ulanylmagy ilatyň saglygyna ýaramaz täsir edýän esasy faktorlaryň biri hökmünde görkezilýär.

Resmi maglumatlara görä, Türkiýede ölüm ýagdaýlarynyň 34,7 göterimi gan aýlanyş ulgamynyň keselleri, 16 göterimi bolsa howply we howpsuz täze döremeler bilen baglanyşykly. Kemal Memişoglu bu keselleriň döremek töwekgelçiligini ýokarlandyrýan möhüm sebäpleriň arasynda çilim çekmegiň hem bardygyny belledi.

Saglyk ulgamyndaky beýleki möhüm töwekgelçilikleriň arasynda az hereketlilik, artykmaç agram, stres, durmuş şertleriniň üýtgemegi we nädogry iýmitlenmek hem görkezildi. Ministriň aýtmagyna görä, çalt şäherleşme adamlaryň gündelik hereketjeňliginiň azalmagyna getirýär. Hususan-da, awtoulaglardan peýdalanmagyň artmagy, pyýada ýöremegiň we sport bilen meşgullanmagyň azalmagy bu meseläniň esasy sebäpleriniň hatarynda durýar.

Türkiýede temmäki önümleriniň sarp edilişini azaltmak boýunça goşmaça çäreleriň görülmegi hem gün tertibinde durýar. Öň ýurduň hökümetiniň temmäkä garşy kanunçylygy has-da güýçlendirmek we 2040-njy ýyla çenli temmäki önümlerinden doly ýüz öwürmek baradaky maksatlary ara alyp maslahatlaşýandygy habar berlipdi.

Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň tejribesinde bolşy ýaly, temmäki önümleriniň sarp edilişini azaltmak ilatyň saglygyny goramak we ýokanç däl keselleriň öňüni almak boýunça döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.