Kamboja döwletiniň paýtagty Pnompen şäherinde geçirilen «Aziýa Kubogy – 2027» halkara ýaryşynyň saýlama tapgyrynda türkmen futbol eminleri hem ýokary derejede çykyş etdiler.
31-nji awgustda «G» toparçanyň çäginde Ýaponiýanyň U20 we Kuweýtiň U20 milli ýygyndylarynyň arasynda geçirilen duşuşykda türkmenistanly eminler eminlik işini üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Duşuşygyň baş emini wezipesine Resul Mämmedow bellenildi. Onuň kömekçisi hökmünde bolsa Ahmet Begnazarow çykyş etdi.
Türkmen eminleriniň halkara derejesindäki şeýle jogapkärli duşuşyga gatnaşmagy olaryň hünär taýýarlygynyň we tejribesiniň ýokarydygyny görkezýär. Şeýle duşuşyklardaky çykyşlar türkmen futbol eminleriniň halkara futbol giňişligindäki abraýynyň barha ýokarlanýandygyny hem görkezýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.