Özbegistanyň Şahrisabs şäherinde geçirilen V Halkara ekologiýa Gurultaýynda Türkmenistanyň wekili üstünlikli çykyş edip, «Iň gowy halkara ekologiki taslama» bäsleşiginde birinji orna mynasyp boldy.

2026-njy ýylyň 10–15-nji awgusty aralygynda «Ýaşlar – geljegi gurujylar» atly V Halkara ekologiýa Gurultaýy geçirildi. Halkara forum daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak we ýaşlaryň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmak ýaly möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan halkara meýdançasyna öwrüldi.

Gurultaýa Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen bir hatarda Russiýadan, Belarusdan, Azerbaýjandan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan hünärmenler, alymlar, ekologlar, ýaşlar hem-de jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň umumy gatnaşyjylarynyň sanynyň 1000-e golaý bolandygy bellenilýär.

Türkmenistanyň adyndan bu halkara çärä Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Ekologiýa we ekologik tehnologiýalar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Oguldurdy Baýramowa gatnaşdy.

Gurultaýyň çäklerinde geçirilen «Iň gowy halkara ekologiki taslama» bäsleşiginde dürli ýurtlardan gatnaşyjylar daşky gurşawy goramaga we ekologik meseleleriň innowasion çözgütlerine gönükdirilen taslamalaryny hödürlediler. Bäsleşigiň netijesinde türkmen hünärmeni Oguldurdy Baýramowa özüniň ekologik taslamasy bilen I orna mynasyp boldy.

Bu üstünlik Türkmenistanyň ýaş hünärmenleriniň we bilim ulgamynyň wekilleriniň halkara ekologiýa çärelerinde işjeň çykyş edýändigini, innowasion başlangyçlaryny dünýä jemgyýetçiligine hödürlemäge mümkinçilikleriniň giňelýändigini görkezýär.

Şahrisabsda geçirilen halkara gurultaý ekologik meseleler boýunça tejribe alyşmak bilen bir hatarda, dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we daşky gurşawy goramak boýunça täze başlangyçlary öňe sürmek üçin möhüm meýdança boldy.