Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde dowam edýän VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň milli ýygyndysy üstünlikli çykyş edip, bir altyn we bir bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmen türgenleriniň medallary milli göreş görnüşleriniň 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde geçirilen ýaryşlarda gazanyldy.

Türkmen milli göreşi boýunça geçirilen bäsleşikde Annagurban Allaberdiýew ýokary netijäni görkezdi. Ol final duşuşygynda ýaryşyň eýesi Gyrgyzystanyň türgeni Asankeldi Nurkazymy ýeňip, altyn medalyň eýesi boldy. Gyrgyz türgeni kümüş medal bilen sylaglandy. Bu ugurda Özbegistanyň we Owganystanyň türgenleri bürünç medallary gazandylar.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň gaznasyna ýene bir medaly Kemal Kemalow goşdy. Ol kuraş boýunça 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde üçünji orny eýeledi. Bu görnüşde Özbegistanyň wekili Numonžon Ražabow çempion boldy. Ikinji orun eýranly Sadeg Azaranga, beýleki bürünç medal bolsa Gyrgyzystanyň türgenine degişli boldy.

Ýaryşlaryň dowamynda baýrakly orunlary eýelän türgenlere pul sylaglary hem gowşuryldy. Altyn medal gazananlara 100 müň som, kümüş medal eýelerine 80 müň som, bürünç medal alan türgenlere bolsa 50 müň som möçberinde baýrak berildi.

VI Bütindünýä Çarwadarlar oýunlary 31-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda Çolpon-Atada geçirilýär. Halkara sport forumyna dünýäniň 100-den gowrak ýurdundan türgenler gatnaşyp, etnosportuň 43 görnüşinde özara bäsleşýärler.

Iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu iri halkara ýaryşy milli sport görnüşlerini ösdürmek, halklaryň gadymy däp-dessurlaryny we medeni mirasyny dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.