
Ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmek we hususy önümçilikleriň gerimini giňeltmek ugrunda yzygiderli goldawlar berilýär. Döwlet tarapyndan döredilýän şeýle giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, Diýarymyzda öndürilýän, importyň ornuny tutýan hem-de bäsdeşlige ukyply dürli senagat we azyk önümleri ak bazarlarymyzyň bolçulygyny üpjün edýär.
Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Rowa» haryt nyşanly et we şöhlat önümlerini öndürýän döwrebap kärhana hem işleri barha ilerleýän önümçilik ojaklarynyň biridir. Bu kärhana 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ihtiýar Seýidowyň başlangyjy bilen guruldy. 2025-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri önümçiligi doly güýjünde işledýän kärhanada taýýarlanylýan ýokary hilli et we şöhlat önümlerine häzirki wagtda ilat tarapyndan örän uly isleg bildirilýär.
Keywords