«Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy önümçilik görkezijilerini yzygiderli ýokarlandyrýar. Ýylyň başyndan bäri kärhanada 2 million 805 müň tonnadan gowrak çig nebit gaýtadan işlenildi.
Netijede, nebiti gaýtadan işlemek boýunça bellenen önümçilik meýilnamasy 100,6 göterim ýerine ýetirildi. Bu görkeziji toplumyň önümçilik kuwwatyndan netijeli peýdalanýandygyny görkezýär.
Türkmen nebit ýataklaryndan çykarylýan çig mal toplumyň döwrebap önümçilik desgalarynda çuňňur gaýtadan işlenilýär. Kärhananyň hünärmenleri dünýäniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän dürli görnüşli nebit önümlerini öndürmäge aýratyn üns berýärler.
Ýokary önümçilik netijelerini üpjün etmekde kärhananyň hünärmenleriniň we işgärleriniň yhlasly zähmeti möhüm ähmiýete eýe. Häzirki wagtda önümçiligiň durnukly depginini saklamak we iş netijeliligini has-da ýokarlandyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.