Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda jemi bäş geleşik hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 17 million dollaryndan geçdi.

Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Şeýle hem Hytaýyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçilerine nah ýüplük, tüýjümek önümleriniň dürli görnüşleri, guradylan buýan köki we baldagy ýerlenildi.

Söwda geleşikleriniň umumy bahasy 17 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy.