Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A. Möwlamow bilen Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) boýunça departamentiniň direktory Hasan Ali Zaýgamyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen diplomaty pakistanly kärdeşini oktýabr aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen iri halkara forumlaryň netijeleri bilen tanyşdyrdy. Ilçiniň bellemegine görä, Awazada geçirilen çäreler Türkmenistanyň netijeli dialog ýörelgelerine, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we sebitiň durnukly ösüşiniň hem-de abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen bilelikdäki başlangyçlary ilerletmäge ygrarlydygyny görkezdi.
Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili Hasan Ali Zaýgam Türkmenistanda geçirilen halkara çäreleriň guramaçylyk derejesine we mazmunyna ýokary baha berdi. Ol Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga, şeýle hem durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna ýetmäge goşýan goşandyny aýratyn nygtady.
Duşuşykda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky dialogyň häzirki ýagdaýy we ony geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alşyldy. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň esasy meselelerini, şeýle hem halkara giňişliginde tagallalary utgaşdyrmagy güýçlendirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky däp bolan dostlukly we doganlyk gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, dürli derejelerde yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.