Türkmenistan bilen Ýewropa maýa goýum bankynyň (EIB) arasynda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin zerur hukuk binýadyny döretmek boýunça işler dowam edýär.
3-nji sentýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň guramagynda EIB bilen çarçuwaly ylalaşygyň tekstini ylalaşmak meselesine bagyşlanan edaralaryň arasynda onlaýn görnüşde maslahatlaşmalar geçirildi.
Duşuşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Merkezi bankynyň, Adalat ministrliginiň we Ýokary kazyýetiniň wekilleri gatnaşdylar. Ara alyp maslahatlaşmalara Ýewropa tarapyndan Ýewropa maýa goýum bankynyň baş edarasyndan, ÝB-niň Aşgabatdaky wekilhanasyndan hem-de EIB-niň Merkezi Aziýa boýunça Daşkentdäki sebit edarasynyň hünärmenleri goşuldylar.
Çarçuwaly ylalaşygyň baglaşylmagy Ýewropa maýa goýum bankynyň Türkmenistanda resmi amallary we karzlaşdyrma işini başlamagy üçin zerur hukuk şertleriniň biri bolup durýar. Ylalaşygyň degişli tertipde resmileşdirilmegi ýurdumyzyň iri maýa goýum taslamalaryna Ýewropa maliýe serişdelerini we döwrebap tehnologiýalary çekmek mümkinçiliklerini giňelder.
Geljekde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň ulag-logistika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek hem-de ekologik talaplara laýyk gelýän tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly bolmagyna garaşylýar.
Ýewropa maýa goýum bankynyň Türkmenistanda işjeňleşmegi Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen «Global Gateway» strategiýasynyň maksatlary bilen hem sazlaşýar.
Hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň döredilmegi Türkmenistan bilen Ýewropanyň maliýe edaralarynyň arasynda uzak möhletli maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açyp biler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.