
Geçen hepde Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa halkara ykdysady forumy (MAHYF — 2025) geçirildi. «Sebitleriň ynam, hyzmatdaşlyk we dostluk giňişligini döredýäris» atly plenar mejlise Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň hökümet edaralarynyň, işewür toparlarynyň hem-de bilermenler jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdy diýip, «Roskongress» gaznasy habar berýär.
Çykyş edenleriň hatarynda:
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Jalakow,
Täjigistanyň Ykdysady ösüş we söwda ministriniň orunbasary Ahlyddin Nuriddinzoda,
Russiýanyň Ykdysady ösüş ministriniň orunbasary Murat Kerefow,
Russiýanyň Senagat we söwda ministrliginiň döwlet sekretary – ministriň orunbasary Roman Çekuşow,
Russiýanyň Täjigistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Semýon Grigorýew,
Özbegistanyň Maýa goýumlar, senagat we söwda ministriniň orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Şohruh Gulamow,
«Wildberries» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Tatýana Kim we beýleki işewürler bar.
Mejlisiň dowamynda:
ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi,
sanly platformalaryň döredilmegi,
senagatda we oba hojalygynda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gatnaşyjylar:
sanly ykdysadyýet,
logistika,
senagat hyzmatdaşlygy,
ýaşlar we bilim alyşmalary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini seljerdiler.
Plenar mejlisiň ahyrynda Bilelikdäki Jarnama gol çekildi. Bu resminamada taraplar:
ykdysady integrasiýany mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak,
söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegi,
global wehimlere, şol sanda howanyň üýtgemegi we azyk howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleleriň bilelikde çözülmegi baradaky meýilnamalaryny tassyklaýandyklaryny nygtadylar.
Keywords