
Musulman halklarynyň mukaddes baýramy bolan Gurban baýramy 2026-njy ýylyň 27-28-29-njy maýynda belleniler. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Permana şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalardan miras galan milli däp-dessurlaryny yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana, ruhubelent türkmen halkynyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi. Döwlet Baştutanynyň Permany esasynda, şol baýramçylyk günleri Türkmenistanda iş günleri däl diýlip yglan edilýär.
Keywords