
Türkmenistanda halkara jemgyýetçiligi bilen bilelikde 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli birnäçe köpçülikleýin çäreler we sport bäsleşikleri guralar.
Wise-premýer B. Mammedowyň 22-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren hasabatyna görä, 3-nji iýunda paýtagtymyzda uly göwrümli köpçülikleýin welosiped ýörişini guramak göz önünde tutulýar. Şeýle hem baýramçylyk mynasybetli 30-njy aprel — 3-nji iýun aralygynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadağ şäherlerinde welokroslar, dürli sport ýaryşlary, ylmy-amaly maslahatlar hem-de wagyz-nesihat çäreleri meýilleşdirildi.
Hökümet mejlisiniň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped gününiň sagdyn hem-de bagtyýar durmuşy dabaralandyrýan halkara sport baýramy bolup durýandygyny aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz meýilleşdirilen ähli bedenterbiýe we sport çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Ýatlap geçsek, Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2018-nji ýylyň aprel ayynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynda döredilipdi. Mundan başga-da, 2022-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda ýene-de ýurdumyzyň teklibi bilen «Durnukly ösüşe ýetmek üçin köpçülikleýin welosiped hereketini jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» baradaky Kararnama agza döwletler tarapyndan biragyzdan kabul edilipdi.
Ekologiýa taýdan arassa sportuň görnüşi bolan welosiped sporty dünýäde, aýratyn-da, köpçülikleýin sagdynlaşdyryş hereketiniň ösmegine uly goşant goşýan Türkmenistanda ýylsaýyn has giň meşhurlyga eýe bolýar.
Keywords