Türkmenistanda futbol eminleriniň işini döwrebaplaşdyrmak we duşuşyklarda kabul edilýän çözgütleriň takyklygyny ýokarlandyrmak maksady bilen VAR ulgamyny ornaşdyrmak boýunça ýörite okuw-türgenleşiklere badalga berildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölümi Özbegistanyň Futbol assosiasiýasy bilen hyzmatdaşlykda milli çempionatyň eminleri üçin wideo kömekçi emin — VAR ulgamyna bagyşlanan nazary we amaly sapaklary geçirýär.

31-nji awgustdan 4-nji sentýabra çenli dowam edýän okuwlara Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň tejribeli hünärmenleri — VAR boýunça hünärmen-inspektor Jahangir Saidow hem-de VAR operatory Şiraly Janalyýew gatnaşýar.

Bäş günlük maksatnamanyň dowamynda eminlere we tehniki hünärmenlere VAR ulgamynyň iş ýörelgeleri, tehniki mümkinçilikleri hem-de futbol duşuşyklary wagtynda jedelli oýun pursatlaryny wideo arkaly seljermegiň we dogry baha bermegiň usullary düşündirilýär.

Okuwlaryň dowamynda nazary bilimler bilen bir hatarda amaly türgenleşiklere hem aýratyn üns berilýär. Bu bolsa ýerli hünärmenleriň täze ulgamy netijeli ulanmak boýunça tejribesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

VAR ulgamynyň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň milli çempionatynyň we Kubogynyň duşuşyklarynda eminligiň hilini ýokarlandyrmaga, möhüm oýun pursatlaryna has takyk baha bermäge we eminleriň çözgütleriniň obýektiwligini güýçlendirmäge gönükdirilendir. Şeýle işler türkmen futbolyndaky eminligi halkara ölçeglerine has ýakynlaşdyrmaga hem ýardam eder.