Türkmenistanda iri şahly mallaryň sanyny artdyrmak we maldarçylyk pudagynda tohumçylyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen täze halkara taslama durmuşa geçirilip başlanýar.
1-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet maldarçylyk we guşçulyk senagaty birleşigi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) arasynda degişli bilelikdäki taslama boýunça ylalaşyga gol çekildi. Çäre onlaýn görnüşde geçirilip, «Iri şahly mallary tohumlandyrmak we emeli tohumlandyryş hyzmatlaryny kämilleşdirmek» atly taslamanyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi.
Resminama türkmen tarapyndan Döwlet maldarçylyk we guşçulyk senagaty birleşiginiň başlygy Goçmurat Ataýew, FAO tarapyndan bolsa guramanyň baş direktorynyň orunbasary, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Wiorеl Gutsu gol çekdi.
Taslamanyň esasy maksady Türkmenistanda tohumçylyk esasynda iri şahly mallaryň sanyny köpeltmek hem-de emeli tohumlandyryş hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin milli mümkinçilikleri güýçlendirmekden ybaratdyr. Bu ugurda maldarçylyk pudagyna häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem göz öňünde tutulýar.
Taslamanyň çäklerinde tohumçylyk maldarçylygy boýunça hukuk binýadyny kämilleşdirmek, emeli tohumlandyryş boýunça hünärmenleriň we ýöriteleşdirilen barlaghanalaryň tehniki mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem degişli enjamlary döwrebaplaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Taslamanyň maliýeleşdiriljek möçberi 180 müň ABŞ dollaryna barabar bolup, onuň 2028-nji ýyla çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýär.
Taslamanyň netijesinde tohumçylyk işlerini ösdürmek boýunça strategik ýol kartasynyň taýýarlanmagyna, degişli standart iş tertipleriniň işlenip düzülmegine we milli maglumat ulgamynyň döredilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, milli tohumçylyk katalogynyň täzelenmegi hem-de haýwanlaryň genetiki mümkinçiliklerini gowulandyrmaga gönükdirilen hukuk we kadalaşdyryjy teklipleriň taýýarlanmagy meýilleşdirilýär.
Halkara tejribäniň we döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy maldarçylygyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga, azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de oba ýerleriniň durmuş-ykdysady ösüşine goşant goşmaga mümkinçilik berer.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.