Türkmenistan bilen Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) arasynda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça täze teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2-nji sentýabrda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajyýew Nýu-Ýork şäherinde Halkara tennis federasiýasynyň prezidenti Dewid Haggerti bilen duşuşdy. Duşuşykda iki taraplaýyn sport hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen ITF-niň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany taýýarlamak meselesine garaldy. Şeýle hem milli we halkara sport guramalarynyň arasynda tejribe hem-de maglumat alyş-çalşygyny giňeltmek baradaky teklipler öňe sürüldi.

Taraplar 2027-nji ýyldan başlap Türkmenistanda Halkara tennis federasiýasynyň howandarlygynda ýetginjekleriň arasynda tennis boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek mümkinçiligini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi ýaş tennisçileriň tejribesini artdyrmaga we Türkmenistanyň tennis sportunyň halkara derejesindäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam edip biler.

Duşuşykda Türkmenistanyň sport diplomatiýasyndaky işjeňligi barada hem pikir alşyldy. Hususan-da, ýurdumyzyň BMG-niň çäklerinde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Oýunlarynyň üsti bilen sport arkaly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandyna üns çekildi.

Taraplar tennis sportuny ösdürmek, ýaş türgenler üçin täze mümkinçilikleri döretmek we halkara sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça özara gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Duşuşyga Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň prezidenti Eziz Döwletow hem gatnaşdy.