
Ilat arasynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de garşysyna göreşmek, milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda raýatlaryň sagdynlygyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak maksady bilen degişli resminama gol çekildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasyna laýyklykda, Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýa hem-de strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Keywords