Türkmenistanda zenanlaryň telekeçilik mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen CAWEP 2.0 maksatnamasyna gatnaşmak üçin arza kabul etmek başlandy. Gatnaşmak isleýän zenan telekeçiler arzalaryny 14-nji sentýabra çenli tabşyryp bilerler.
Central Asian Women's Entrepreneurship Programme (CAWEP 2.0) Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden, şol sanda Türkmenistandan jemi 35 zenan telekeçini bir ýere jemlär.
Maksatnamanyň okuwlary rus dilinde ýedi hepdäniň dowamynda onlaýn görnüşde geçiriler. Gatnaşyjylar sanly gurallardan we emeli aň tehnologiýalaryndan peýdalanmak, internet giňişliginde biznesi ösdürmek, müşderiler bilen netijeli aragatnaşyk saklamak, sanly mahabat, onlaýn söwda meýdançalarynda önüm ýerleşdirmek hem-de maliýe serişdelerini sanly dolandyrmak ýaly ugurlarda bilim we amaly endikler alarlar.
Okuwlaryň dowamynda 20-ä golaý tälimçi we çagyrylan hünärmen çykyş edip, gatnaşyjylara maslahat we halypalyk goldawyny berer.
CAWEP 2.0 maksatnamasy Merkezi Aziýanyň dürli ýurtlaryndaky zenan telekeçileriň arasynda tejribe alyşmagy, täze işewür gatnaşyklar gurmagy we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegi hem maksat edinýär.
Maksatnamanyň onlaýn okuwlarynyň jemleýji tapgyry hökmünde 1–2-nji dekabrda Bişkek şäherinde ýüzbe-ýüz duşuşyk geçirmek meýilleşdirilýär. Onda maksatnama gatnaşyjylary we çykyş edijileriň bir bölegi gatnaşar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.