
2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda 4 müňden gowrak türkmenistanly Azerbaýjana syýahat etdi. Bu barada Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, «Report» ýazýar.
Hasabat döwründe 4,3 müň türkmen jahankeşdesi syýahat etmek maksady bilen Azerbaýjana bardy. Munuň özi degişli döwürde ýurda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň 1,3 göteriminde barabardyr. Şeýlelikde, Türkmenistan Azerbaýjana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça 15-nji ýeri eýeledi.
Azerbaýjana iň köp syýahatçy gelýän ýurtlaryň ilkinji üçlügi şeýle görnüşde:
Umuman alanyňda, 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Azerbaýjan jemi 337,3 müň daşary ýurtly myhmany kabul etdi. Bu san geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 0,4 göterim azalsa-da, Merkezi Aziýa sebitinden, hususan-da Türkmenistandan barýanlaryň sany artmagy hasaba alynýar.
Keywords