
Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew ABŞ-nyň Kongressiniň binasynda kongressmen Bill Heýzenga bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, sebitara baglanyşyk meselelerini, şeýle hem ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky dialogy berkitmekde «C5+1» we «B5+1» formatlarynyň ornuny maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar sebitiň möhüm meseleleri hem-de mundan beýläk-de konstruktiw we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada hem pikir alyşdylar.
Bill Heýzenga — respublikaçy amerikan syýasatçysy bolup, ol ABŞ-nyň Kongressiniň Wekiller palatasynda Miçigan ştatynyň 4-nji saýlaw okrugyna wekilçilik edýär. Ol bu wezipäni 2011-nji ýyldan bäri eýeläp gelýär. Häzirki çagyryşda ol Maliýe hyzmatlary boýunça komitetiň başlygynyň orunbasary, şeýle hem Daşary işler boýunça komitetiň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy bolup durýar. Soňky agzalan wezipesi ony sebit boýunça amerikan syýasatyna gözegçilik edýän esasy kongressmenleriň birine öwürýär. Bu bolsa onuň Türkmenistanyň ilçisi bilen geçiren duşuşygynyň möhümligini şertlendirýär.
Keywords