
Şu gün Türkmenistanyň ähli sebitlerindäki umumy bilim berýän orta mekdeplerde 12-nji synpy tamamlaýan müňlerçe okuwçy üçin «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Mekdep durmuşy bilen hoşlaşyp, uly durmuşa gadam basýan uçurymlar, olaryň ene-atalary we mugallymlar üçin bu sene iň ýatdan çykmajak wakalaryň birine öwrüldi. Dabara gatnaşyjylar bilim ojaklarynda mugallymlara aýratyn sylag-hormat görkezip, ter gül desselerini gowşurdylar.
Bilim ministrliginiň resmi maglumatlaryna görä, şu okuw ýylynda ýurt boýunça iň köp uçurym Mary (25 müňden gowrak), Daşoguz (23 müň 798) we Lebap (23 müň 700-e golaý) welaýatlarynda hasaba alyndy. Paýtagt Aşgabat şäherinde 12 müň 851 sany, täze gurlan akylly Arkadag şäherinde bolsa 237 sany ýaş uçurym mekdep bilen hoşlaşdy. Şeýle-de Ahal welaýatynda 14 müň 337, Balkan welaýatynda bolsa 8 müň 680 okuwçy orta bilimi tamamlandygy baradaky şahadatnamany almaga taýýarlanýar.
2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy we Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýurduň ähli welaýatlarynyň Baş baýdak meýdançalarynda, şeýle-de taryhy ýerlerde we binalarda dabaraly gül goýmak çäreleri guraldy.
Keywords