
Türkmenistanyň bilim ojaklary M.W. Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti tarapyndan guralýan XXXIII «Lomonosow – 2026» atly talyparyň, aspirantlaryň we ýaş alymlaryň halkara ylmy maslahatynyň möhüm meýdançasyna öwrüldi. 10-njy aprelden 24-nji aprele çenli dowam edýän bu forumyň çäklerinde paýtagtymyzyň iki sany iri ýokary okuw mekdebinde ylmy bölümler dabaraly ýagdaýda işledi.
11-nji aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda maslahatyň üç bölümi: «Daşary ýurt dilleri we sebit öwreniş», «Terjimäniň teoriýasy, taryhy we metodologiýasy» hem-de «Filologiýa» ugurlary boýunça ylmy duşuşyklar geçirildi. Bu ýerde ýaş alymlar sanly bilim şertlerinde leksiki kompetensiýany kemala getirmek, emeli intellektiň dilleri öwrenmekdäki orny we maşyn terjimesiniň kognitiw taraplary ýaly häzirki zaman mowzuklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol günüň özünde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Himiýa» bölüminiň mejlisi boldy. Ýaş gözlegçiler ýerli çig mallardan ekologiýa taýdan arassa dökünleri almak, senagat galyndylaryndan gurluşyk materiallaryny öndürmek we Tuarkyr meýdançasynyň goňur kömüriniň galyndylaryny peýdalanmak ýaly ylmy we amaly ähmiýetli teklipleri bilen çykyş etdiler.
Geçen ýyl bir institutyň binýadynda iki bölüm bilen başlanan bu halkara hyzmatdaşlyk şu ýyl has-da giňedi. Bu bolsa türkmen ýokary okuw mekdepleri bilen MDU-nyň arasyndaky akademiki gatnaşyklaryň barha berkeýändigini subut edýär. Maslahat ýaş alymlaryň ylmy tejribe alyşmagy, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmagy we halkara ylym älemine goşulmagy üçin uly mümkinçilik boldy.
Keywords