
Hindistan Respublikasynyň paýtagtynda Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk (ITEC) maksatnamasynyň çäklerinde bilim edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri üçin halkara okuw maslahaty dowam edýär. Bilim meýilleşdirilişi we dolandyrylyşy milli institutynyň (NIEPA) guramagynda geçirilýän bu çärä Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymlary işjeň gatnaşýarlar.
30-njy martdan 10-njy aprele çenli dowam edýän bu abraýly maksatnama dünýäniň 16 döwletinden, şol sanda Russiýadan, Türkiýeden, Özbegistandan, Müsürden, Taýlanddan we Kolumbiýadan gelen hünärmenleri bir ýere jemledi.
Okuw maksatnamasynyň esasy ugurlary:
Maslahatyň dowamynda bilim ulgamyny dolandyrmak boýunça dünýä belli professorlar — Neeru Snehi, Mona Sedwal, Kumar Suresh, K. Srinivas we Kashyapi Awasthi dagylar tarapyndan aşakdaky möhüm temalar boýunça okuw sapaklary geçirilýär:
Tejribe alyşmak we halkara hyzmatdaşlygy
Türkmen wekilleri diňe bir täze bilimleri özleşdirmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler barada hem gyzykly çykyşlary guradylar. Şeýle hem, olar Hindistanyň Bilim tehnologiýalarynyň merkezi institutyna we Milli bilim gözlegleri we okuw geňeşine baryp, bu ýurduň bilim strategiýasy we tehnologik binýady bilen ýakyndan tanyşdylar.
"Bu halkara maksatnamasyna gatnaşmak türkmen mugallymlarynyň hünär ussatlygyny kämilleşdirmäge, bilim ulgamymyzyň halkara derejesinde bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we iki ýurduň arasyndaky ylmy gatnaşyklary täze basgançaga çykarmaga uly ýardam eder."
Keywords