
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, mejlisde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda milli ykdysadyýetiň degişli pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, medeni-ynsanperwer, daşary syýasat hem-de beýleki degişli ugurlar boýunça geçirilen çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe teklipler hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler, halkara gatnaşyklar bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi. Şeýle hem hödürlenen teklipleri makullap, degişli resminamalara gol çekdi. Mejlisiň dowamynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkyny Aşgabat şeýle hem mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine şanly seneler mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.
Keywords