
Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gürrüňdeşligiň dowamynda diplomatlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna seretmek bilen bir hatarda, sebit we halkara derejesindäki möhüm meseleler boýunça pikir alyşdylar. Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigini ýene bir gezek tassykladylar.
Söhbetdeşlikde halkara giňişligindäki gatnaşyklara, hususan-da, abraýly halkara guramalaryň, iri forumlaryň we diplomatik duşuşyklaryň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn orun berildi. Iki ýurduň halkara başlangyçlarynda biri-birini goldamaga taýýardygy bellenilip geçildi.
Keywords