Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndy topary Hytaýyň Nimbo şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin ýola düşýär. 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabryndan 8-nji noýabryna çenli dowam etjek bu iri halkara ýaryşy türgenler üçin möhüm ähmiýete eýedir. Sebäbi çempionatyň çäklerinde 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin resmi saýlama tapgyry başlanýar.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine 11 türgen we tejribeli 3 tälimçi girýär. Dünýäniň güýçli agyr atletikaçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek ýaryşda türkmen türgenleri diňe bir medallar ugrunda däl, eýsem Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin zerur saýlama utuklaryny toplamak ugrunda hem bäsleşerler.
Nimbo şäherinde geçiriljek dünýä çempionaty milli ýygyndy topar üçin ýylyň iň möhüm synaglarynyň biri bolar. Bu ýaryş türgenleriň fiziki taýýarlygyny, tehniki başarnyklaryny we toparlaýyn taýýarlyk derejesini görkezmäge mümkinçilik berer.
Türkmen agyr atletikaçylary halkara arenasynda üstünlikli çykyş edip, öňde boljak Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak maksadyna tarap möhüm ädim ätmegi göz öňünde tutýarlar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.