Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 18-nji oktýabryndan 1-nji noýabryna çenli Hytaý Halk Respublikasynyň Çanjzi şäherinde geçirilýän halkara okuw maslahatyna gatnaşýarlar. Maslahat Merkezi Aziýa ýurtlarynyň migrasiýa we serhet gulluklarynyň hünärmenleri üçin guraldy.

Okuw maslahatynyň maksatnamasy migrasiýa ulgamynda hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we halkara tejribesini öwrenmek bilen bagly möhüm meseleleri öz içine alýar. Çäräniň dowamynda serhetleri toplumlaýyn dolandyrmak boýunça öňdebaryjy halkara standartlaryny öwrenmäge, strategik meýilleşdirmegiň döwrebap usullaryny özleşdirmäge hem-de töwekgelçiliklere baha bermek boýunça başarnyklary ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Şeýle hem okuw sapaklarynda edaralaryň arasynda özara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, gözegçilik işlerini döwrebaplaşdyrmak, migrasiýa we serhet howpsuzlygy ugurlarynda dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak meselelerine garalýar.

Halkara okuw maslahaty Merkezi Aziýa ýurtlarynyň migrasiýa we serhet gulluklarynyň hünärmenleriniň bilimlerini we amaly başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem bu ugurda halkara tejribesini alyşmaga gönükdirilendir.